TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri täze infrastruktura desgalaryny açdylar

Türkmenabatda «Akina — Andhoý» (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, «Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan» (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky «Ymamnazar — Akina» hem-de «Serhetabat — Turgundy» optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.
Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Onda iki ýurduň döwlet baştutanlary çykyş etdiler.
Aziýanyň Halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň — 2013-nji ýylyň iýunynda badalga berlen «Kerki — Ymamnazar — Akina» böleginiň gurluşygy 2016-njy ýylyň oktýabrynda tamamlandy. Transmilli ýoluň bu böleginiň umumy uzynlygy 88 kilometr bolup, onuň 85 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginde, galan 3 kilometri bolsa, Ymamnazar we Akina serhetýaka nokatlarynyň arasynda ýerleşýär.
2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabat şäherinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystanyň demir ýol ulaglary müdirliginiň arasynda «Akina — Andhoý» demir ýolunyň gurluşygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
2019-njy ýylyň iýulynda Farýab welaýatynyň Akina menzilinde demir ýoluň 10 kilometrlik şahasynyň açylyşy boldy hem-de «Akina — Andhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owgan çäginde täze demir ýoluny Türkmenistan öz hasabyna çekmek bilen çäklenmän, eýsem, öz işgärlerini hem-de maddy serişdelerini—işçileri, inženerleri, demir ýol maşynlaryny we kranlaryny, gurluşyk serişdelerini, demir şpal gözeneklerini ulanandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ak pata bermegi bilen Akina menzilinden Andhoý şäherine «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan taýýarlanan ilkinji demir ýol düzümi dowamly zogyny çalmak bilen ýola düşýär. Kerwen ýük wagonlarynyň hem-de Türkmenistanyň eksport önümleri guýlan çelekleriň 20-sini öz içine alýar, olaryň 10-sy dizel ýangyjyny, 7-si bolsa, mineral dökünlerini we ösümlik önümlerini bellenilen nokada elterler.
Soňra teleköpri arkaly «Kerki — Şibirgan» ugry boýunça elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasy boldy.
Kuwwaty 500 kilowatt bolan elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegi bilen elektrik energiýasyny ulanýan adamlaryň sany ýurt boýunça 9 milliona çenli artar. Bu bolsa, Owganystany ygtybarly elektrik togy bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar.
Eksport energiýasynyň ugurlaryny giňeltmäge hem-de olaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik döretjek elektrik geçiriji ulgam baradaky wideorolige tomaşa edilenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň işe girizilmegine ak pata berýär.
Bu taslamanyň çäklerinde hem-de milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik bekedi, kuwwaty 500 kW bolan «Kerki» podstansiýasy hem-de türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgam guruldy.
2018-nji ýylyň iýulynda geçirijilik ukyby sagatda 100 megawatta barabar bolan 112 kilometrlik «Rabatkaşan — Kalaýnau» elektrik geçiriji ulgamyň ulanmaga berilmegi Owganystana uly kömegiň aýdyň mysaly boldy.
Bu taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri elektroüpjünçilik desgalarynyň, şol sanda podstansiýalaryň birnäçesini gurdular. Hereket edip gelýän «Ymamnazar —Andhoý» hem-de «Serhetabat — Hyrat» ulgamlary bilen birlikde, «Rabatkaşan — Kalaýnau» elektrik geçiriji ulgam goňşy ýurduň energetika düzüminiň möhüm bölegi bolup, ýurdy ykdysady taýdan dikeltmekde oňa ýardam edýär.
Teleköpri arkaly «Ymamnazar — Akina» hem-de «Serhetabat — Turgundy» (Owganystan) optiki-süýümli ulgamlar hem işe girizildi.
Bu taslamalar DWDM (Dense Wavelength Division Multiplexing-tolkunlaryň uzynlygy boýunça dykyz bölünme) tehnologiýasynyň—halkara üstaşyr we ýerli akymlary geçirmek üçin köp ýaýlymly optiki ulgamlaryň binýadynda amala aşyryldy.
Täze halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulgam trafigini artdyrmaga, onuň Owganystana we Pakistana iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik peýda bolar. Bu şeýle hem maglumatlary ibermegiň tizligini artdyrmaga hem-de Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky ygtybarly kommunikasiýa aragatnaşygy kepillendirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, täze ulgamlar Ýewropa, Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky maglumat akymynyň tizligini 100 Gbit/sek çenli, geljekde bolsa 6 Tbit/sek çenli artdyrmaga ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply