LUKMANÇYLYKTÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň otlularynda saglyk kepilnamasy soralar

Türkmenistanyň otlularynda saglyk kepilnamasy soralar
Türkmenistanda indi otlularda hem COVID-19 keseliniň ýokdugy barada kepilnama talap ediler. Bu barada «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýty habar berýär.
Saýtda 15-nji awgusta çenli ýurtda otlularyň hereketiniň çäklendirilendigi ýene bir gezek ýatladylmak bilen, Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustundan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüniniň girizilýändigi habar berilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar.
15-nji awgustdan soňra gatnawlaryň açylyp-açylmajakdygy barada agentlik heniz habar bermedi.
Saglyk kepilnamasy boýunça düzgüniň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçuşlary üçin hem girizilendigini ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply