BILIM

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty iň gowy ýaş okuw jaýlarynyň reýtingine girizildi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty britan «Times Higher Education» (THE) žurnalynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy ýaş okuw jaýlarynyň reýtingine girizildi, diýip, «orient.tm» ýazýar.

Ýokary okuw jaýy 50 we ondan az ýyl işläp gelýän wuzlaryň arasynda THE «World Young University Rankings-2022»-niň ýakynda çap eden sanawyna girizildi.

Sanawa girizilen okuw jaýynyň netijeliligi 13 görkeziji boýunça bahalandyrylýar. Olaryň arasynda okadylyşynyň hili, ýokary okuw jaýynda alnyp barylýan ylmy barlag işler, halkara hyzmatdaşlygy we beýlekiler bar.

2022-nji ýylyň reýtinginde dünýäniň 539 uniwersiteti bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: