TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesi berildi

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) binasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda BSG-niň döredilmegi hakynda Marakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy baradaky arzasyna seredildi.    

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş geňeşiň mejlisiniň işine gatnaşdy we BSG-niň agza-ýurtlarynyň öňünde Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş etdi.

Onuň çykyşyny ara alyp maslahatlaşanlaryndan soňra, Guramanyň Baş geňeşiniň agza-ýurtlary Türkmenistanyň arzasyny kabul etdiler hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň berilmegi baradaky karara geldiler. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, BSG-na goşulýan ýurt derejesiniň alynmagy bilen, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň BSG-ne goşulmagy baradaky Iş topary hem döredildi.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: