JEMGYÝET

Türkmenistanyň tebigatyny goramaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň we Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň bilelikde geçiren ylmy-okuw maslahaty «Gözel tebigatyň goragy — mukaddesdir» diýlip atlandyryldy.

Maslahata gatnaşan edaralaryň hünärmenleri öz çykyşlarynda ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramagyň wajyp wezipeleri barada belläp geçdiler. Tokaýlary ýangyndan goramak, suwdaky bioserişdeleriň gorap saklanylmagyny berk gözegçilige almak boýunça bilelikde geçirilýän çäreler şu günki günüň esasy işiniň biri bolup durýar. Bu bolsa tebigatymyzyň ösümlikler we haýwanat dünýäsiniň saklanmagyna olaryň köpelmegine uly ýardam edýär. Geçirilen ylmy okuw maslahaty oňa gatnaşyjylaryň iş tejribeleriniň artmagyna täsirini ýetirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: