JEMGYÝET

«Akina — Andhoý» demir ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär  

Türkmenistanyň demirýolçulary Owganystanyň Akina şäherine «Akina — Andhoý» demir ýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Olar öz ýanlary bilen gurluşyk üçin gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler.

Uzynlygy 30 km bolan bu demir ýoluň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlanypdy. Emma käbir sebäplere görä, şol sanda pandemiýa zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli demirýolunyň 800 metri gurulman galypdy. Onuň şu aýyň dowamynda gurlup tabşyrylmagyna garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: