YKDYSADYÝET

Malaý gaz käninde tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy

Malaý gaz känine ýanaşyk ýerleşýän Agarguýy meýdançasynda burawlanan 5-nji barlag guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Taslama çuňlugy 3300 metr bolan bu guýyny «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk agtaryjylary burawladylar.

Agarguýy birki ýyllykda baýlyk öndürilýän känleriň sanawyna goşulypdy. Häzirki wagtda bu ýerde özleşdirilen iki guýudan her gije-gündizde «mawy ýangyjyň» 400 müň kub metri gazylyp alynýar. Geljekde täze guýynyň hem senagat taýdan özleşdirilmegi önüm öndürilişini has artdyrmaga mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: