BILIM

Türkmenistanyň talyplarynyň arasynda rus dilinden olimpiada geçiriler

Şu ýylyň 7-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dilinden «Dil baýlygy — halkyň baýlygy» atly II Olimpiada geçiriler.

Talyplaryň arasyndaky olimpiada Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň we sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişiniň çäklerinde guralýar. Ol aralykda (onlaýn) geçiriler. Olimpiada her ýokary okuw jaýyndan bäşe çenli adam gatnaşdyrylar.

Ýeňijiler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: