Sportuň we beden terbiýesiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Änew şäheriniň medeniýet öýünde bedenterbiýe mugallymlarynyň we sport mekdepleriniň tälimçi mugallymlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guran maslahat mekdeplerde bedenterbiýe sapagynyň we sport-sagaldyş çäreleriniň işjeňligini, netijeliligini ýokarlandyrmaga, bu ugurda kabul edilen maksatnamalary hem-de meýilnamalary kämilleşdirmäge bagyşlandy.
Onda edilen çykyşlarda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak, raýatlaryň beden we ruhy sagdynlygyny gazanmak, milli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işlere aýratyn üns çekildi. Orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlarynyň sport mekdepleriniň sport mekdepleriniň tälimçi-mugallymlary bilen ysnyşykly işleşmeginiň möhümdigi aýdyldy.