Lebap welaýat kitaphanasyna «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XV jilti we «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitap hem bar.
Täze neşirleriň hatarynda «Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti», «Magtymguly Pyragynyň elegiýalary» atly ylmy monografiýalar hem ýer alýar.
Täze gelip gowşan kitaplaryň jemi sany 1400 bolup, şolaryň 184 sanysy welaýat kitaphanamyzyň gaznasyna ýerleşdirildi. Galanlary bolsa welaýatyň şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphananyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplaryň mazmunyny kitap sergileriniň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, edebi agşamlaryň üsti bilen wagyz edýärler. Bu bolsa okyjylaryň sanynyň artmagyna oňyn täsir edýär.