Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de halkara internet olimpiadasy geçiriler

Şu ýylyň 5-6-njy dekabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda II açyk halkara fizika internet olimpiadasyny guramak göz öňünde tutulýar.

14 — 17-nji noýabrda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçiriler. Olara Türkmenistandan başga-da, Russiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector