JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, ýurtda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurduň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser edendigini aýtdy.

Mundan başga-da, Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlarynyň täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berendigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow giň okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: