JEMGYÝET

Täze film alty teleýaýlymda bilelikde görkeziler

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bilen bilelikde «Kompozitor» atly doly göwrümli çeper film taýýarlady.

Filmiň edebi esasyny ýazan awtory we režissýory Maksat Gylyjow bolup, ol tomaşaçylary ýaş kompozitoryň maşgala durmuşynda bolup geçýän wakalary açyp, jadyly aýdym-saz dünýäsine çagyrýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üçünji ýyllygy mynasybetli filmiň ilkinji görkezilişi 30-njy martda «Altyn asyr: Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmen owazy», «Aşgabat» we «Arkadag» teleýaýlymlarynda «Watan» habarlar gepleşiginden soň (21.00) teletomaşaçylara görkeziler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: