HIMIÝA SENAGATYNYŇ ÇIG MALY ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň mün ýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenilýär.
Ýurdumyzyň himiýa senagaty – bu uglewodorod, mineral we beýleki çig maldan himiki usulda gaýtadan işlemek arkaly önüm öndürýän senagat pudagy bolup, ol senagat öwrülişiginiň başlanmagy bilen, aýratyn pudak hökmünde kemala gelip durýar.
Häzirki zaman himiýa senagaty dag himiýasy (magdan gazyp almak), esasy himiýa (mineral dökünleriň, organiki däl kislotalaryň we sodalaryň önümçiligi) we organiki sinteziň himiýasy ýaly uly pudaklardan ybarat bolup, birnäçe önümçilikleri öz içine alýar.
Meselem: şolaryň hataryna organiki däl himiýa, ammiak, azot kislotasy, kükürt kislotasy, ammiak selitrasy ýaly önümçilikler girýär. Ýurdumyzyň himiýa senagaty öz gözbaşyny geçen asyrdan alyp gaýdýar. Mysal üçin, Köýtendag sebitinde ýerasty baýlyklaryň uly gorlary bar. Himiýa senagaty üçin mineral, ösümlik we haýwanat çig mallardan başga, howa we suw hem çig maldyr.
Howa – tükeniksiz çig maldyr. Onuň düzüminde takmynan 78% azot, 21% kislorod bolup, galany argon, neon, kripton, ksenon we geliý ýaly inert gazlardyr. Howanyň ähli düzüm bölekleri halk hojalygynda giňden ulanylýar.
Himiýa senagatynda suw giňişleýin we dürli görnüşde ulanylýar. Beýleki önümçiliklerde gaty, suwuk we gaz görnüşli maddalary eretmek üçin erediji hökmünde ulanylýar. Himiýa önümçiliginde energiýanyň ummansyz köp mukdary ulanylýar. Energiýa diňe himiki reaksiýalaryň geçirilmeginde däl-de, eýsem materiallaryň ondan-oňa göçürilişine, gaty maddalaryň owradylyşyna we üwelmegine, süzülmegine, gazlaryň gysylmagyna we ş.m. sarp edilýär.
Çig malyň gaýtadan işlenmegine taýýarlanyşynyň esasy usullarynyň biri onuň baýlaşdyrylmagydyr. Çig malyň peýdaly bölegini peýdasyz böleginden bölüp aýyrmak maksady bilen, onuň täzeden işlenmegine baýlaşdyrma diýilýär. Baýlaşdyrylmagynyň netijesinde peýdaly maddalary az mukdarda saklaýan çig malyň ýerine, konsentrirlenen çig mal alynýar.
Himiýa senagatynyň kömegi bilen halk hojalygynda, durmuşda giňden we häli-şindi ulanylýan önümleriň dürli görnüşlerini almak mümkin. Emma şol bir wagtyň özünde himiýa senagaty kähalatlarda diňe bir peýdaly zatlar öndürmek bilen çäklenmän eýsem zyýanly maddalar hem öndürýär. Ol zyýanly maddalar bolsa bizi gurşap alýan tebigy gurşawa düşýär we ony hapalaýar. Şeýle bolansoň, tebigy gurşawy goramak boýunça ýörite ylmy işler alnyp barylýar. Olardan iň giň ýaýrany we ähmiýetlisi ekologiýa ylymdyr.
Şeýle bolansoň tebigaty goramaklyga we onuň ähli baýlyklaryny rejeli peýdalanmaklyga uly üns berilýär. Bu işleri amala aşyrmak we ekologik çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ençeme halkara guramalar döredildi, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň garamagynda hem birnäçe ekologik guramalar hereket edýärler.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz işleýän, bize şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge amatly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hemde Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Arslan MUSTAKOW
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy