JEMGYÝET

Lýuksemburgda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Türkmenistanda birinji tapgyry taýýar bolup gelýän Arkadag şäheri Lýuksemburgda tanyşdyryldy. Bu dabara Türkmenistanyň bu döwletdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarlyy ilçisi Sapar Pälwanow bilen Lýuksemburgyň Söwda edarasynyň halkara gatnaşyklar boýunça müdiri Sindi Tereba gatnaşdy.

Türkmen ilçisi Arkadag şäheriniň ilkinji bolup ýurtda «akylly», ekologiýa taýdan arassa şäher derejesine eýe boljakdygyny belläp, Lýuksemburgyň kompaniýalaryny ýokary tehnologiýaly çözgütleri ulanmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Sindi Tereba öz gezeginde Lýuksemburgyň IT tehnologiýalaryny ösdürmekde öňdebaryjylaryň biridigini belläp, Beýik Gersoglygyndaky kompaniýalaryň bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirjekdigini we «akylly» Arkadag şäherini dolandyrmak boýunça teklipleri taýýarlajakdyklaryny aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: