JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly iňlis we rus dillerindäki kitabyň giň okyjylar köpçüligine türkmen döwletiniň içeri hem-de daşary syýasatynda ýetilen belent sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Çäräniň ahyrynda tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: