JEMGYÝET

Wiktor Soýuň ýagty ýadygärligine bagyşlanan konsert bolar

15-nji awgustda 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert zalynda aýdymçy, şahyr we kompozitor Wiktor Soýuň ýagty ýadygärligine bagyşlanan «Gün atly Ýyldyz» döredijilik agşamy bolar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar. Aşgabadyň «Столичный», «Enjoy», «MIXTIME» we «Cats» saz toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde zehinli sazandanyň eserleri täze aranžirowkada ýaňlanar. Bu konsert bilen aşgabatly sazandalar aýdym-sazyň ähli ýaşdaky muşdaklaryna sowgat etmegi ýüreklerine düwdiler. Onda gitarada saz çalmaga aýratyn orun berler. Agşamda meşhur sazandalar bilen bilelikde ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş ederler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: