LUKMANÇYLYK

Kerki etrap hassahasyna täze enjamlar gelip gowuşdy

Kerki etrap hassahanasyna daşary döwletlerde öndürilen döwrebap enjamlaryň 4-si gelip gowuşdy, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Germaniýanyň önümi bolan «Cardiovit AT-1G2» elektrokardiogramma enjamy ýüregiň işleýşini barlamaga, Hytaýdan getirilen «COMEN V3» emeli dem alyş enjamy agyr hassalara emeli dem bermäge niýetlenendir. «ITD Classik», «IB19-J» wideobronhoskop hem Germaniýanyň dünýä belli enjamy bolup, ol dem alyş ýollarynyň kesellerini anyklamaga, şol bir wagtyň özünde-de bejergi etmäge ukyplydyr. Hytaýyň kolposkop enjamy bolsa ýatgynyň barlagyny geçirmäge niýetlenilendir. Bu enjamyň kömegi bilen ýatgydaky we ýatgy boýunjygyndaky näsazlyklary, hatda täze howply döremeleri has irki möhletlerde anyklap bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: