JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly Ermenistan Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan türkmenleriň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu filosofik-edebi eser many-mazmuny boýunça türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-parasadynyň we belent ruhy gymmatlyklarynyň jemlenmesidir.

Çykyş edenler giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu kitabyň medeniýeti öwreniji alymlar üçin türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna düşünmekde aýratyn ähmiýetli gollanma bolmak bilen, dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrýan dostluk köprüsidigini bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: