SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti: ýurdumyzda Russiýa bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär  

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen düýn geçiren gepleşiklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklara aýratyn orun berilýär. Şeýle duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermek bilen çäklenmän, täze başlangyçlary we taslamalary işläp taýýarlamaga hem ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan hukuk binýadynyň döredilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama üns çekildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: