SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär Lebap welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Lebap welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bileni duşuşygy boldy, diýip, «Türkmenistan bu gün» ýazýar.

Ol özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, özüniň ähli tagallasyny Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda ýetilen belent sepgitleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge gönükdirjekdigini nygtady.

B.Gurbanow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda özüniň ähli tagallasyny, bilimini we tejribesini bildirilen belent ynamy ödemäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: