SYÝASAT

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda 15 resminama gol çekildi

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar berm egine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýundaky Russiýa Federasiýasyna resmi sapary wagtynda 15 resminama gol çekildi. Olar hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlaryny içine alýarlar we iki ýurduň hem uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.

Bu ýörelge Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda gol çekilen Jarnamada hem tassyklanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: