SYÝASAT

Mihail Mişustin: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialog dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar  

 Öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin düýnki geçirilen iki taraplaýyn gepleşiklerde eden çykyşynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialogyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Ol ýurtlarymyz energetika, nebitgaz senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edýärler diýip belledi. Gurluşyk, oba hojalygy ugurlary boýunça hem özara gatnaşyklar amala aşyrylýar. Sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk edilýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy wezipe hökmünde garalýandygy nygtaldy. Özara söwda üçin bu ugurdaky bar bolan kuwwat häzirki görkezijileri ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bular barada aýdyp, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine täze itergi beriljekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamda, aýratyn-da, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesinde durup, A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebine baryp görmegiň özünde uly täsir galdyrandygyny, mekdepde bilim meseleleri bilen bir hatarda, umumy taryha, umumy hakyda aýawly garalmagyna hem uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, RF-niň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: