SYÝASAT

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi

 Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi.

Resminamada «Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellemeli» diýlip aýdylýar.

Şonuň ýaly-da, Permanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu wezipä «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk binýadyny tutmakda, uzak ýyllaryň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik işinde işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň halkara abraýyny, jemgyýetimiziň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar hyzmatlary bitirendigini, türkmen halkynyň beýik sylagyna, belent sarpasyna, uly hormatyna mynasyp bolan, döwrümiziň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy hökmünde ykrar edilendigini, döwleti parasatly dolandyrmakda ýokary guramaçylyk ukyplaryny, başarjaňlygyň, tutanýerliligiň, ýolbaşçylyk etmegiň belent nusgasyny görkezendigini we baý tejribesini göz öňünde tutulyp» bellenilýändigi aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: