DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Sanjym alan syýahatçylar üçin Phuket (Tailand) 1-nji iýuldan açylar.

Koronawirusyň garşysyna sanjym alan syýahatçylar 1-nji iýuldan Phuket adasyna baryp bilerler. Bu barada «Bloomberg»-e salgylanmak bilen «Известия» ýazýar.
Sanjym alandygy baradaky resminamalary bolan syýahatçylaryň karantin geçmekden boşadyljakdygy aýdylýar.
Ýerli häkimiýet adanyň ýaşaýjylarynda toparlaýyn immunitetiň döremegini gazanmak wezipesini goýdy. Munuň üçin ýaşaýjylaryň 70%-ne sanjym geçirmeli.
Häkimiýet syýahatçylar üçin beýleki kurortlary oktýabr aýyndan açmagy meýilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: