TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistana insuliniň birinji tapgyry getirildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we BMG-niň ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde ýokanç däl kesellere gözegçilik etmäge ýardam etmek boýunça ýurda süýji diabetini bejermek üçin möhüm bolan insuliniň birini tapgyry getirildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Birinji tapgyra çalt täsir edýän insulinler- — «Aktrapid» we «Mikstard» girýärler. Ýakyn geljekde BMGÖM insuliniň beýleki görnüşlerini, şpris-ruçkalary, şonuň ýaly-da, ýewropaly öndürijileriň iňňelerini getirer. Insuliniň umumy bahasy ABŞ-niň 1,8 million dollaryna barabar bolar.

ABŞ-niň 32,8 million dollaryna barabar bolan býujetli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we BMG-niň ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolulygyna Türkmenistanyň hökümeti maliýeleşdirýär. Onda ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki keselleri we dem alyş organlarynyň keselleriniň dowamly görnüşlerini bejermek üçin ýaşaýyş ähmiýetli derman serişdelerini getirmek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: