TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Owganystandan daşary ýurt raýatlaryny äkitmek üçin howa giňişligini üpjün edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilmegine görä,  Türkmenistan Owganystandan daşary ýurt raýatlaryny äkitmek üçin howa giňişligini üpjün edýär.

Türkmenistanyň DIM-niň  Metbugat gullugynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan habarynda: «Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir» diýilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: