JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini döwlet sylagy bilen sylaglas

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli aýratyn tapawutlanan işgärler Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň hünärmenleri:

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazy çykarmak we ugratmak boýunça kükürtli önümçilik böleginiň Malaý-Çartak gaz käniniň operatory Halmuhammet Amangeldiýewiç Seýitniýazow;

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň düýpli gurluşyk bölüminiň inženeri Nina Aleksandrowna Barabaşewa;

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baş tehnology Derkar Kuwwatgeldiýewiç Bekdurdyýew dagylar hem bar.

Resminamada olaryň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli» ýokary sylag bilen sylaglanylýandygy bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: