JEMGYÝET

Zyýanly endikleriň garşysyna göreşmek boýunça gürrüň geçirildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň mejlisler zalynda welaýat onkologiýa hem-de welaýat narkologiýa hassahanalarynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Saglyga bolan söýgi ýaşaýşa bolan söýgüdir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa lukmanlar, edara-kärhanalarda, fabriklerde zähmet çekýän işgärler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onda Türkmenistanda ynsan saglygyny berkitmek, çilimkeşlik, arakhorluk ýaly zyýanly nogsanlyklaryň öňüni almak baradaky gürrüňler edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Zyýanly endikleriň, temmäki tüssesiniň öýken keselleriniň döremegine sebäp bolýandygy aýratyn nygtaldy. Bulardan başga-da, lukmanlar zawoddyr fabriklerde işleýän zähmetkeşlere gorag enjamlaryny hökman ulanmagy maslahat berdiler. Lukmanlar çäräniň dowamynda birnäçe sowallara degerli jogap berdiler.

Şeýle wagyz-nesihat çäresi Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde-de geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: