YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk önümlerini öndürmegiň möçberini artdyrýarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen ýylyň on bir aýy bilen deňeşdirilende, azyk önümlerini öndürmegiň möçberini artdyrdylar. Aýry-aýry önümleri öndürmek boýunça bolsa has ýokary netijeler gazanyldy.

Ýylyň başyndan bäri hususyýetçiler 8119 tonna bakja önümlerini ýetişdirdiler we ýygnap aldylar. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden iki esseden hem köpdür. Has takygy, ösüş depgini 217 göterime deňdir. Konditer önümlerini öndürmekde bolsa 139 göterim ösüş gazanyldy we netijede ilata 461 tonna ýakyn dürli önümler hödürlenildi. Bu geçen ýylyň on bir aýyndakysyndan 128 tonna ýakyn kändir. Et we süýt öndürmekde bolsa hersinde 105 göterip ösüş depdigini gazanyldy we 203 tonna ýakyn et (diri agramda) we 1612,5 tonna ýakyn süýt sarp edijilere ugradyldy.

Şonuň ýaly-da, ýyladyşhanada ýetişdirilen önümler boýunça 101, açyk meýdanda ýetişdirilen oba hojalyk önümleri boýunça 114, ýer alma ýetişdirmek boýunça 101, miwe hasyly boýunça 104 göterim ösüş gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: