JEMGYÝET

Ýangyn howpsuzlygyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň ýangyn-tehniki merkezinde okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän edaralarynyň we kärhanalarynyň ýangyn howpsuzlygyna jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Onda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň gaýragoýulmasyz meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri okuw maslahatyna gatnaşyjylary bu ugurda toplanan tejribeler, täze usullar bilen tanyşdyrdylar. Her edarada we kärhanada ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek üçin amala aşyrylmaly işler barada jikme-jik durup geçdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: