TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

Şu gün Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow käbir resminamalara gol çekdi, diýip «Türkmenistan» gazetiniň saýtynda habar berýär.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekip, günäsi geçilen adamlary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmek, olary iş bilen üpjün etmek barada tabşyryklary berdi. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: