TÜRKMENISTAN HABARLARY

2022 ― 2028-nji ýyllarda Türkmenistanda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdiriler

 Türkmenistanda 2022 ― 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda aýratyn durup geçdi, diýip, «Türkmenistan» gazetiniň saýtynda habar berýär.

Döwlet Baştutany çykyşynda geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň has-da pugtalandyryljakdygyny aýdyp: «Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilimi edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys»  diýip belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: