TÜRKMENISTAN HABARLARY

Milli synçylara şahadatnamalar gowşuryldy

Lebap welaýat saýlaw topary tarapyndan milli synçylar bellige alyndy we olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy. Olar şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçişine syn ederler.
Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Oňa laýyklykda Türkmenistan Milli Geňeş diýlip atlandyrylan iki palataly Parlament ulgamyna geçýär. Geçen döwürde şunuň bilen baglylykda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Bu saýlawlaryň demokratik ýörelgelere we halkara kadalaryna laýyklykda geçirilişine syn etmek üçin welaýatymyzdaky syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 83 sany milli synçy bellenildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümi şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply