JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow lebaply çopan bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherine barýan wagty ýol ugruna düýe sürüsiniň ýanynda saklandy. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykow milli Liderimizi gadyrly garşylady, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti düýe çopan bilen salamlaşyp, onuň işi, mallarynyň, öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de çopanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Sarwan kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen aýtdy hem-de ähli oba hojalyk işgärleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilýändigini aýratyn belledi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň düýe malyna aýratyn gadyr goýýandygyny belledi. Döwlet Baştutany düýe ýüňüniň, süýdüniň, çalynyň hem-de agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygynyň ylmy esasda subut edilendigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, düýeler taryhyň dowamynda ynsanyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir. Asyrlaryň dowamynda döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy bolan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnan söwda kerwenleriniň hatarynda köp sanly düýeler, şol sanda arwana düýeleri bolupdyr.

A.Paşşykow häzir hem düýeleriň ornunyň uludygyny, arwana tohumyndaky düýeleriň baş sanynyň artmagy ugrunda edilýän aladanyň oňyn netije berýändigini guwanç bilen gürrüň berdi. Şeýle hem ol düýedarçylykdan döwlet tapandygyny, maşgala agzalary bolup bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandyklaryny uly buýsanç bilen aýtdy we şunuň bilen baglylykda milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Çopana döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: