Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýatynda agaç nahallaryny oturtmaga girişildi

Nov 6, 2021

Şu gün Lebap welaýatynda güýzki bag ekişligine badalga berildi. Ählihalk ýowaryna dürli ýaşdaky we dürli kärde zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar gatnaşdylar.

Şu waka mynasybetli çärelere Dänew etrabynyň Seýdi şäherinden Farap etrabyna barýan ýoluň ugrunda dabara geçirildi. Bu ýerde bölüniň berlem 10 gektar meýdana pürli agaçlaryň 4000-si oturdyldy. Sebiti bagy-bossanlyga öwürmäge bagyşlanan ýowarlar ähli etraplarda hem geçirildi. Lebap welaýaty boýunça jemi 494 müňden gowrak pürli we miweli agaçlar oturdyldy.

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň tokaý hojalygynyň welaýatdaky bölüminde ýeterlik derejede agaç nahallary ösdürilip ýetişdirildi.

Adblock
detector