Türkmenistanda okuw girmek isleýän orta mekdepleriň uçurymlary üçin gulluga çagyrylyş möhleti yza süýşüriler
Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahatda orta mekdepleri tamamlaýan oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin giriş synaglaryny tabşyrmak üçin harby gulluga çagyrylmagynyň yza süýşürilmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksada laýyk boljakdygy bardaky teklibi öňe sürdi.
Maslahatda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň 14-nji bendi goşmak we onda ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.