Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, «Malaý» gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.
Onda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory bu ýerde görkezilýän taslamalaryň we çyzgylaryň üsti bilen tebigy gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak, täze guýulary gözlemek we ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurda ýerli hünärmenleriň ýerine ýetirýän işleriniň gerimini giňeltmek, ylmy açyşlary höweslendirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi.