JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň kitaphanalarynyň gaznasyndaky kitaplaryň sany köpelýär

Geçen ýylda Ahal welaýatynyň kitaphanalaryna «Galkynyş» kitap merkezinden neşirleriň 4378-siniň gelip gowuşmagy bilen, gaznadaky kitaplaryň sany 473 müň 553 neşire ýetdi.

Kitaphanalara täze ýazylan okyjylaryň sany 10 müň 100-e golaýlap, okyjylaryň jemi sany 86 müň 535- den geçdi. Şu döwürde dürli mazmunly kitaplaryň 428 müň 994-si, şol sanda syýasy neşirleriň 66 müň 60-sy, çeper eserleriň 145 müň 978-si, çagalar edebiýatlarynyň 112 müň 778-si, beýleki neşirleriň 104 müň 178-si okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy.

Şeýle hem  kitaphanalaryň bütewi elektron ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň sany-da artdy. Kitaphanalar tarapyndan okyjylaryň arasynda many-mazmunly çäreleriň 2 müňe golaýynyň geçirilendigi hem bellärliklidir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: