JEMGYÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaş nakgaşlaryň eserleriniň sergisi açyldy

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk bölümlerini tamamlan talyplaryň eserleriniň sergisi guraldy.

Sergide türkmen tebigatyny, durmuş pursatlaryny suratlandyrýan nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk eserleri goýlupdyr. Ýaş nakgaşlar reňkleri ýerlikli ulanmak bilen, gahrymanlarynyň häsiýetini, türkmen tebigatynyň aýratynlyklaryny suratlandyrmagy başarypdyrlar.  Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler bu ýerde goýlan eserleriň çeperçiligine ýokary baha berdiler. Bu ýyl welaýat ýörite sungat mekdebini tamamlanlaryň döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlary hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: