BILIM

Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezi tarapyndan işlenilen programma üpjünçiligi arkaly Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw-usuly merkezinde üç günläp dowam eden bäsleşige Lebap welaýatyndaky orta hünär okuw mekdepleriniň altysyndan deslapky tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary ýokary netijeleri görkezdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: