MEDENIÝET

Aman Kekilowyň döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Aman Kekilowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan okyjylar ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Şäheriň merkezi kitaphanasy tarapyndan geçirilen çärede şahyr we alym Aman Kekilowyň ömri we döredijiligi barada gürrüň edildi.

Aman Kekilowyň türkmen edebiýatynda belli yz galdyran şahyrlaryň biridir. «Söýgi» romany oňa uly meşhurlyk getirdi. Ol şu wagta çenli türkmen dilinde şygyr bilen ýazylan ýeke-täk roman bolmagynda galýar. OL türkmen edebiýatyny we edebiýat teoriýasyny öwrenmäge hem uly goşant goşdy. Onuň ýazan ylmy işleri ýokary biziň günlerimizde hem ähmiýetini ýitirmän gelýärler.

Ylmy-amaly maslahatda şahyryň «Söýgi» romanyndan parçalar okaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: