BILIM

Kiberhowpsuzlyk boýunça tejribeler merkezi açyldy

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Kiberhowpsuzlyk boýunça öňdebaryjy tejribeler merkezi açyldy. Merkeziň taslamasyny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilelikde işläp düzdi.

Merkez ýurduň howpsuz sanly ulgama geçmegi babatda alnyp barylýan möhüm taslamanyň, ýagny, maglumat goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen döredildi. Häzirki wagtda «2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Döwlet kiberhowpsuzlyk maksatnamasy» durmuşa geçirilip başlandy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde diýen ýaly kiberhowpsuzlyk fakulteti bar.

Kiberhowpsuzlyk boýunça öňdebaryjy tejribeler merkezi kiberjenaýatçylygyň üsti bilen zyýan ýetirmek synanyşyklaryna garşy göreşmekde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna ýakyndan hemaýat berer. Merkez ýurduň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere hem goldaw bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: