BILIM

Mekdep okuwçylarynyň arasynda ekologiýa bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde ekologiýa dersi boýunça göreldeli okaýan okuwçylaryň 100-den gowragy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen bäsleşige gatnaşdy. Bäsleşigiň guramaçysy bolup institutyň durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ― ÝUNESKO kafedrasy çykyş etdi.

11-nji synp okuwçylaryň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen bäsleşikde olara berlen sowallary çözmek üçin 100 minut wagt berildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça okuwçylaryň 7-si birinji, 15-si ikinji, 14-si üçünji orunlara mynasyp boldular. Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Begenjowa, Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdepden Maksat Ýalkabow dagy birinji orna mynasyp bolan bolsalar, Saýat etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahym Maksadowa, Halaç etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Näzik Abdyýewa, Kerki etrabyndaky 2-nji orta mekdepden Atabek Işankulow, Halaç etrabyndaky 28-nji orta mekdepden Mähri Rüstemowa dagy hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. Üçünji orny eýelänleriň arasynda bolsa Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdepden Maýsa Rustamowa, Halaç etrabyndaky 28-nji orta mekdepden Leýli Dagdyýewa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Güljan Seýitnazarowa, Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepden Gözel Hudaýkulyýewa dagy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: