SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanly dzýudoçylaryň üçüsi Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp boldular

Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen dzýudo boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda lebaply türgenleriň üçüsi baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Maýsa Pardaýewa yklym ýaryşynda 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, finalda Maýsa gazagystanly garşydaşyny arassa ýeňiş bilen utup, altyn medaly eýeledi. Ol Köýtendag etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde Jora Mätnazarowdan tälim alýar.

50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Mekan Ramazanow hem hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Ol 2020-nji ýylda Aşgabat şäherindäki «Olimp» orta sport mekdebine okuwa girdi. Ondan ozal Köýtendag etrabynyň 5-nji sport mekdebinde Bagtyýar Berdikulowyň elinde tälim alypdy.

Kurbanaý Kurbanowa bolsa 44 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalyň eýesi boldy. 2005-nji ýylda doglan Kurbanaý Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde tälim alýan başarnykly dzýudoçylaryň hataryndadyr. Kurbanaý öňümizdäki tomusda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Aziýanyň çagalary» atly halkara ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýar. Ol tejribeli tälimçi Nasiba Hallyýewanyň şägirdidir.

Ýaryşa Türkmenistandan 13 türgen gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: