SYÝASAT

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary bilen duşuşyk guraldy

 Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary bilen duşuşyk guraldy. Oňa iri jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri we Lebap welaýatynyň welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, bilim işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda pederlerimiziň asyllylyk, ahlaklylyk ýaly mynasyp däplerine birkemsiz eýermek, öý-ojaklaryň agzybirligini berkitmek, maşgala mukaddesligini saklamak dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem, olar zemin gözelligini döredýän zenanlaryň tebigy owadanlygyny gorap saklamak, ýas-toý dabaralaryny milli däp-dessurlara laýyklykda guramak dogrusynda aýratyn durup geçdiler.

Milli terbiýäni, asylly däp-dessurlary dowam etdirmekde, nesillere görelde bolmakda zenanlaryň hyzmatynyň uludygyny nygtadylar. Şonuň ýaly-da, ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli işlere sarp etmeklerini gazanmak, milli el işleriniň gadymy nusgadaky görnüşlerini kämilleşdirmek, milliligiň ýoýulmagynyň öňüni almak barada baý mazmunly çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler ilaty durmuş taýdan goramak, adamlaryň bagtyýar ýaşaýşyny dowam etdirmek, aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik syýasy işlere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýurtda alnyp barylýan köpugurly işler barada hem durup geçdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: