YKDYSADYÝET

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda önümçiligiň depgini artýar

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda şu ýylyň geçen üç aýynda haly we haly önümleriniň 2425 inedördül metri dokaldy.

Bu halyçylar tarapyndan 5 million 57 müň manatlykdan gowrak iş edilendigini aňladýar. Netijede geçen ýylyň degişli döwründäkiden 106 müň manatlyk köp iş edildi.

Kärhanada müşderileriň islegleri boýunça dürli ölçegdäki halylary haly önümlerini dokaýarlar. Olaryň ellerinde çykan önümler döwlet edaralarynyň jaýlaryny, raýatlaryň öýlerini bezeýärler. Geçen ýyl olar buýurmalara laýyklykda tegelek we nal şekilli halylary hem öndürdiler hem-de şertnamada görkezilen möhletlerde müşderilere iberdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: