SYÝASAT

Türkmen-gazak hökümetara toparynyň wekilleri Aşgabatda duşuşdylar

20-nji dekabrda Aşgabatda türkmen tarapyndan – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň we gazak tarapyndan – Premýer-ministriň orunbasary R.Sklýaryň bilelikde başlyklyk edýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyga iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy girizildi.

Mejlisde toparyň Nur-Sultan we Aşgabat şäherlerinde geçirilen ozalky mejlisleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depgini hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Nebitgaz we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika, oba hojalygy, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagat ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.  

Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde şeýle-de iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: