TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Merkezi banky ýadygärlik şaýy pullaryny çykardy

Türkmenistanyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Täze şaýy pullar Singapur Respublikasynyň «Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd» kompaniýasy tarapyndan ýasaldy. Şaýy pullaryň ýüz tarapynda Ýer togalagynyň şekili, onuň merkezinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nyşany ýerleşdirildi. Ýüz tarapynyň ýokarky we iki gapdal böleginde «YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 15-NJI DUŞUŞYGY» diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň çykarylan senesi «2021» we iki sany kiçijek sekizburçly şekiller ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde, däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilip, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde, aýlaw bilen «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY» diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň gymmatyny görkezýän «ÝÜZ MANAT» diýen ýazgy şekillendirildi. Onuň çep tarapynda täze şaýy pullaryň mähegi hem-de agramy görkezilýär. Ýazgylar öz aralarynda kiçijek sekiz burçly şekiller bilen bölünýär.

Altyn pullaryň diametri 38,61 millimetre deň bolup, agramy 39,94 gramdyr. Olaryň mähegi örän ýokary bolup, 916,7-ä deňdir. Kümüş şaýy pullar 925 mähekli kümüşden ýasaldy. Olaryň diametri altyn puluňky ýaly bolup, agramy 28,28 grama deňdir

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: