STT hususy kärhanasynda täze önümçilik ýola goýuldy
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde iş alyp barýan STT (Sabyr, Timur Taşewler) hususy kärhanasy şu ýyl duz plitalaryny hem öndürip başlady.
Olaryň ini we uzynlygy 20 santimetr, galyňlygy 2,5 santimetre barabardyr. Bu ýerde her gün şeýle plitalaryň 1000-e ýakyny öndürilýär. Duzlar bejeriş edaralarynyň galoterapiýa otaglarynda tebigy gowaklardaky ýaly mikroklimaty emele getirmek üçin peýdalanylýar. Olaryň bir tapgyry ýakynda ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyna iberildi. Ýene bir tapgyry Özbegistana eksport edildi. Bu önüme häzir ýene özbek işewürlerinden we Russiýadan islegler bar.
Hususy kärhanada toz görnüşli hek hem-de gips karton listi öndürilýär.